cargo3
2

Çäreler we awiauçuşlary gurnamak

Dürli kärlerdäki adamlaryň, sungaty söýüjileriň we ýönekeý syýahatçylaryň baryp göresi gelýän çäreleriniň ýylda ýüzlerçesi geçirilýär. Planetamyzyň dürli künjeginden ýüzlerçe müň adamlary ýygnaýan wakalara biz çäre diýip bileris. Olardan has möhümleri uly şäherlerde geçirilýär, ol ýere barmagyň iň aňsat usuly bolsa howa gämileriniň üsti bilendir.

Aviav TM (Cofrance SARL) fransuz awiadellaly islendik çärelere biznes-jetlerde, şeýle hem çarter gatnatmalarda indiwidual uçuşlary gurnar. Olar uly göwrümli ýygnaklar, halkara sergileri, medeniýet we syýahatçylyk ugrundaky festiwallar, konsertler, moda görkezilişikleri, lukmançylyk forumlary, wajyp dabaralar bolup bilerler. Şu ýylyň dowamyna 4 müňden gowrak uly çäreler meýilleşdirilendir. Eger-de siz:

  • Kannyda geçiriljek «Festival international du film de Cannes » – Halkara kinofestiwalyna,
  • Budapeştdäki «Sziget» aýdym-saz festiwalyna,
  • Barselonadaky «Sónar» (sifrowoý medeniýet) festiwalyna,
  • Pariždaky «Avantex Paris» moda we ýokary tehnologiýalaryň halkara sergisine,
  • Kannydaky «Cannes Yachting Festival» – Ýahtalaryň halkara sergisine,
  • Wankuwerde geçiriljek «Vancouver International Wine Festival» – Halkara çakyr festiwalyna,
  • Ştugartdaky «Eat & Style» halkara kulinariýa sergisine,
  • Syurihde geçiriljek «Fespo Zurich» syýahatçylygyň we sportuň ýöriteleşdirilen sergisine,
  • Dubaýdaky «Arab Health» lukmançylyk we farmasewtika boýunça halkara sergisine we kongresine,
  • Seuldaky «Lotus Lantern Festival» (Şöhlelenýän lotus) el çyralarynyň festiwalyna,
  • Sankt-Peterburgdaky «INTERCHARM» Professional kosmetik senagatynyň halakara sergisine,

we beýleki köp sanly çärelere gatnaşmak isleýän bolsaňyz, Aviav TM awiadellalyna ýüz tutuň. Islendik çärä gatnaşmagyňyz başyndan-soňuna çenli gurnalar. Siziň ýeke-täk alada etmeli zadyňyz ― Cofrance SARL menejeri bilen habarlaşmaga wagt tapmaklyk. Galan zady kompaniýa size derek eder.

Aviav TM awiadellalyna nähili tabşyryklary bermeli?

    1. Sizi gyzyklandyrýan çärä petekleri we çakylyklary buýurmaly.
    2. Çäräniň geçiriljek ýurduna wizany resmileşdirmek.
    3. Syýahaty amala aşyrmak üçin ätiýaçlandyryş polisiniň resminamalaşdyrylmasy.
    4. Awiapetekleri ýa-da şahsy uçary buýurmak.
    5. Ýaşaýyş ýerini: myhmanhanany, hususy jaýy, willany bronlamak.
    6. Bolýan ýeriňizde transferler (howa menzili-myhmanhana, myhmanhana-çäräniň geçjek ýeri).
    7. Terjimeçiniň bolmagy.

Çärä şahsy uçarda gitmegiň 5 sebäbi

Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň ugurlarynyň biri – çärelere şahsy reýsleri gurnamak. Indiwidual uçuşlaryň artykmaçlyklary açyk aýdyňdyr:

  1. Uçuş size amatly wagtda amala aşyrylar.
  2. Siz ýeke ýa-da ýakyn adamlaryňyz bilen uçýarsyňyz.
  3. Siziň özüňiz howa gämisini saýlaýarsyňyz.
  4. Siz ol uçardan başga bir uçara münüp-düşmesiz bolarsyňyz.
  5. Aviav TM rahatlygy we 100% howpsuzlyga güwä geçýär.

Eger-de size 3-nji belgidäki ýazlanlar üýtgeşik bolup eşidilen bolsa, diýmek siz entek şahsy uçarda uçup görmänsiňiz. Cofrance SARL müşderileri bu mümkinçilige ýokary baha berýärler we olaryň isleglerine jogap berýän howa gämisini taýýarlamagy soraýarlar. Şeýle hem, müşderiniň islegi boýunça bortda öňden tassyklanan menýu boýunça naharlanyş, halaýan telegepleşikleriňiziň görkezilmegi ýa-da işlemek üçin gerekli şertler (eger-de siz konferensiýa ýöne bir görmäge däl-de, eýsem, gatnaşmaga barýan bolsaňyz) gurnalar.

cargo2
cargo4

Näme üçin siziň saýlawyňyz Aviav TM?

Biziň kompaniýamyz bilen hyzmatdaşlygyň dürs sebäpleri bardyr. Bu ýetilen belentlikler we müşderilerimiziň minnetdar seslenmeleri. Ilkinjiler hökmünde aşakdakylary görkezmek bolar:

  • Çärelere uçuşlary gurnamak ulgamyndaky tejribe 10 ýyldan gowrak,
  • Planetamyzyň ähli uly şäherlerinde hereket edýän wekiliýetlerimiz (göni telefon belgileri),
  • EBAA (European Business Aviation Association) we NBAA (National Business Aviation Association) awiasion işewür-assosiýasiýalarynyň agzasy,
  • Hereket edýän Wyvern Ltd. we ARGUS International programmalarynyň howpsuzlygyň ýokary talaplarynyň ýerine ýetirilmegi,
  • Şahsy awiasiýada ulanylýan uçarlaryň we dikuçarlaryň giň bazasy,
  • Dünýäniň öňdebaryjy awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk,
  • Uçary buýurmak üçin döredilen maksimum şertler: ýörite internet sahypa, iPhone üçin gollanma, telefon belgi soramak.

Aviav TM dellalynyň hyzmatlaryndan peýdalanan müşderileriň seslenmelerine görä, şeýle netijeleri çykarmak mümkin:

  • Cofrance SARL çalt, takyk we açyk hereket edýär,
  • Dellal reýsleriň nyrhyna hiç zat goşmaýar,
  • Hyzmatlar barada uzak aradan hem ylalaşmak mümkin,
  • Kompaniýanyň işgärleri – awiasion hukukçylar,
  • Uçara münüleninden barmaly howa menziline barýança rahat uçuşlaryň gurnalmagy, howa menzillerinde bolan ähli proseduralary geçmäge edilýän goldaw munuň içine girýär,
  • Sarp edilen serişdeler barada finans hasabaty.

Şeýlelikde, eger siz meşhur bir çärä gitmek isleseňiz, häziriň özünde Aviav TM jaň ediň. Her bir ädimi pikirlenip, gyssanman hereket etmeklik hemişe gowulyga eltýär. Emma, haçanda uçar ýa-da dikuçar birnäçe sagadyň ýa-da ertiriň dowamynda gerek bolsa – bu hem mümkin zat. Aviav TM (Cofrance SARL) hünärmenleriniň kömegi özüniň çalasynlygy we uçuş bilen bagly islendk soraglaryň oňyn çözgütleriniň tapylýandygy bilen tapawutlanýar.